"ÝB Türkiýedäki Siriýaly bosgunlar üçin ykdysady taýdan goşmaça goldaw bermeli”

Asselborn Türkiýäniň 3,5 million siriýala gujak açmak bilen uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýtdy

1278062
"ÝB Türkiýedäki Siriýaly bosgunlar üçin ykdysady taýdan goşmaça goldaw bermeli”

 Luksemburgyň Daşary işler ministri Asselborn, Türkiýäniň 3,5 million siriýala gujak açmak bilen uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýtdy.

Asselborn, Osnabrüker Saýtung gazetine beren beýanatynda, ÝB-niň alyp barýan bosgunlar syýasaty barada maglumat berdi.

Asselborn “Türkiýe 3,5 million siriýalyny kabul etmek bilen uly jogapkärçiligi öz üstüne aldy. Şol sebäpli ÝB Türkiýedäki Siriýaly bosgunlar üçin ykdysady taýdan goşmaça goldaw bermeli” diýdi.

Asselborn ady agzalýan goşmaça maliýe kömeginiň siriýalylar üçin sarp edilmelidigini nygtady.


Etiketkalar: #goşmaça , #bosgun , #ÝB

Degişli Habarlar