Asada tabynlykdaky güýçler we tarapdary Russiýa Idlibde howa hüjümini gurady

Hüjümlerde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy

1268989
Asada tabynlykdaky güýçler we tarapdary Russiýa Idlibde howa hüjümini gurady

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Idlib welaýatynda guran hüjümlerinde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy

Siriýanyň hökümeti düýn gije Idlibiň Kefrenbil etrabyna, Syrje, Has, Şinan we Marzita obalaryna howa we gury ýer hüjümlerini gurady

Hüjümlerde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň tarapdary Russiýa degişli harby uçarlar hem düýn gije Idlibiň Aýnata, Binin we Şinan obalaryna howa hüjümini gurady

Asada tabynlykdaky güýçler we tarapdary Russiýa 12 gün soň düýn asuda ilatly ýerlere ýaňadandan howa hüjümini guramaga başlady

Düýnki hüjümlerde 1-i çaga asuda ilatdan 2 adam ýogalypdy

 


Etiketkalar: #Russiýa , #asuda ilat , #Siriýa

Degişli Habarlar