Ýemende Husileriň ýarag ammary hökmünde ulanýan binasynda bolan partlamada 7 adam ýogaldy

Waka hakynda Husiler tarapyndan heniz hiç hili beýanat berilmedi

1266493
Ýemende Husileriň ýarag ammary hökmünde ulanýan binasynda bolan partlamada 7 adam ýogaldy

Ýemeniň strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän port şäheri Hudeýdede Husileriň ýarag ammary hökmünde ulanýan binasynda bolan partlamada asuda ilatdan 7 adam ýogaldy, 20 adam hem ýaralandy

Waka hakynda berlen beýanatda Hudeýde şäheriniň günortasynda ýerleşýän Ez Zafaran etrapçasynda Husiler tarapyndan ýarag ammary hökmünde ulanylýan fabrikde partlamanyň bolandygy nygtaldy

Beýanatda wakada asuda ilatdan 7 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň ýaralanandygy bellenildi.

Partlamalar sebäpli söweşden gaçan maşgalalaryň bolýan öýleriniň käbiriniň ýykylandygy ýatladyldy

Waka hakynda Husiler tarapyndan heniz hiç hili beýanat berilmedi.

BMG-nyň gözegçiliginde Husiler bilen Ýemeniň hökümetiniň arasynda ýekşenbe güni geçirlen gepleşikleriň ilkinji oturlyşygyndan birnäçe sagat soň Hudeýde şäherinde taraplaryň arasynda çaknyşyklar başlapdy

 

 



Degişli Habarlar