Owganystanda guralan hüjümde 10 adam ýogaldy

Hüjümde 12 adam hem ýaralandy

1261783
Owganystanda guralan hüjümde 10 adam ýogaldy

 

Owganystanyň demirgazygynda Gunduz welaýatynda guralan hüjümde 10 adam ýogaldy

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nasrat Rahimi hüjümiň howpsyzlyk güýçlerine garşy guralandygyny aýtdy.

Hüjümde 10 adamyň ýogalandygyny aýdan Rahimi, Gunduzyň Içeri işler müdüri Manzur Estanikzeý bilen birlikde 12 adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.

Beýleki tarapdan düýn ertiriň irki sagatlarynda başbozarlaryň Gunduzyň şäher merkezinde guran hüjümi yzyna serpikdirildi.

Hüjümden soň şähere baran Goranmak ministri Esadullah Halid, çaknyşyklarda 9 howpsyzlyk işgäriniň ýogalandygyny aýtdy.

Ministr Halid çaknyşyklarda 36 başbozaryň öldürlendigini belledi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Owganystan , #hüjüm

Degişli Habarlar