Eýran, Fransiýanyň Prezidenti Makronyň teklibini kabul etmedi

Resmi Tähran, Emmanuel Makronyň raketa meýilnamasy meselesinde gepleşik geçirilmegi baradaky teklibini kabul etmedi

1258908
Eýran, Fransiýanyň Prezidenti Makronyň teklibini kabul etmedi

Eýranyň hökümeti, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň raketa meýilnamasy meselesinde gepleşik geçirilmegi baradaky teklibini kabul etmedi.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň çäginde iňlis dilinde ýaýlym berýän Press TW-niň habaryna görä, resmi Tähran, Emmanuel Makronyň raketa meýilnamasy meselesinde gepleşik geçirilmegi baradaky teklibini kabul etmedi.

ABŞ-nyň 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda ýadro ylalaşygyndan çekilmeginden soň 2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda we 4-nji noýabrynda iki tapgyrly ýagdaýda sanksiýa goýmagy bilen Pars aýlagyndaky we Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyk artypdy.

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy üçin tagalla edýän Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, iş sapary bilen anna güni Pariže baran Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarife Eýranyň ýadro ylalaşygyna laýyklykda hereket etmegini we raketa meýilnamasy meselesinde gepleşik geçirilmegini teklip edendigi nygtalýar

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Fransiýa , #teklip

Degişli Habarlar