Ýaponiýanyň Asama wulkanynda partlama boldy

Ýaponiýanyň gündogarynda ýerleşýän Asama wulkanynda partlama boldy

1258204
Ýaponiýanyň Asama wulkanynda partlama boldy

Kýodo agentliginiň berýän habaryna görä, Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginden berilen beýanatda, 2 müň 568 metr beýiklikde ýerleşýän wulkanda düýn ýerli wagt bilen sagat 07:28-de partlamanyň bolandygy mälim edildi.

Partlamadan soň wulkanyn tüssesiniň wulkanyň beýikliginden hem 600 metr beýiklige çenli ýetendigi habar berildi.

Asama wulkanynda 7-nji awgustda kiçi göwrümli partlamalar bolupdy we 3-e çykarylan howplylyk derejesi geçen hepde 2-ä peseldilipdi.  


Etiketkalar: #partlama , #Kýodo , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar