Owganystanda NATO degişli uçarlar ýalňyşlyk bilen asuda ilaty nyşana aldy

Owganystanyň Logar welaýatynda NATO güýçlerine degişli harby uçarlaryň ýalňyşlyk bilen asuda ilaty nyşana almagy netijesinde 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy

1258322
Owganystanda NATO degişli uçarlar ýalňyşlyk bilen asuda ilaty nyşana aldy

Logaryň welaýat Şurasynyň başlygy Hasibullah Stanikzeý, NATO degişli harby uçarlaryň, Talibana garşy geçirýän operasiýasynyň çäginde, Logar welaýatynyň Babus obasyndaky asuda ilata degişli öýleri ýalňyşlyk bilen nyşana alandygyny habar berdi.

Howa hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygyny aýdan Stanikzeý, asuda ilatdan 4 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi.

Beýleki tarapdan Owganystanyň ozalky Prezidenti Hamid Karzai, beren ýazmaça beýanaty bilen NATO-nyň asuda ilata garşy hüjümlerini bes etmegini isledi.

Waka bilen bagly NATO tarapyndan entek beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar