Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýa hemle atdy

Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýa bilen bagly beýanat berdi

1250762
Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýa hemle atdy

 

Demirgazyk Koreýa, ABŞ bilen umumy harby türgenleşik geçirýändigini we ýokary tehnologiýaly Amerikan harby uçarlarynyň ýerleşmegine rugsat berendigini öňe sürüp, Günorta Koreýa, Koreýa ýarymadasynda dartgynlygy artdyrmagyň netijelerine boýun boljakdygy barada duýduryş berdi.

Ýonhap habar agentliginiň, Demirgazyk Koreýanyň resmi KCNA habarlar agentligine esaslanyp beren habaryna görä, Demirgazyk Koreýanyň Parahatçylykly Birleşmek komitetinden berilen beýanatda, Günorta Koreýanyň beýleki döwletler bilen geçirýän harby türgenleşiginiň, Koreýa ýarymadasyndaky dartgynlygyň artmagynyň gözbaşydygy we iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň özgermeginiň öňüne böwet bolýandygy habar berildi.

Beýanatda: “Demirgazyk Koreýanyň we Günorta Koreýanyň, Phanmundžom bildirişiniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly harby ugurdaky ylalaşyga laýyklykda gury ýerde, howada, deňizde we ähli ugurlarda harby dartgynlygyň we düşünişmezçilikleriň esasyny düzýän ähli duşmançylykly aksiýalary dolulygyna bes etmek babatynda ylalaşandygy, emma Günorta Koreýaly ýolbaşçylaryň, beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edip harby türgenleşik geçirendigi” bellendi.

Günorta Koreýaly resmileriň öz ýurtlaryna Amerikan F-35A harby uçarlaryny ýerleşdirip, Demirgazyk Koreýa garşy ähtiýalanlyk bilen hereket edendigi bellenen beýanatda: “Günorta Koreýaly ýolbaşçylar, Demirgazyk Koreýanyň howpsyzlgyna garşy potensial we gönüden howplary ortadan aýyrmak bilen bagly çäreleri almaga mejbur edýän jogapkärçilikden asla gaçyp bilmez we onuň netijesini kabul etmeli bolar” diýip aýan etdi.



Degişli Habarlar