Russiýanyň ýene-de bir harby birikmesinde partlama boldy

Russiýanyň Sewerodwinsk şäherindäki harby birikmeleriň birinde bolan partlamada 2 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy

1250295
Russiýanyň ýene-de bir harby birikmesinde partlama boldy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Arhangelsk sebitiniň Sewerodwinsk şäherindäki harby birikmeleriň birinde bolan partlamada 2 adam ýogaldy.

6 adamyň hem ýaralanan partlamanyň raketa dwigateliniň synagdan geçirilýän mahaly bolandygy aýdylýan beýanatda, atmosfera we sebite zyýanly maddanyň ýaýramandygy aýan edildi. 

Beýanatda, sebitdäki radiasianyň derejesiniň kadalydygy mälim edildi. 

Russiýanyň Açinsk şäherindäki harby birikmede sişenbe güni bolan partlamada bolsa 1 adam ýogalypdy. 


Etiketkalar: #harby birikme , #Russiýa

Degişli Habarlar