Demirgazyk Koreýa ýene-de bir raketa synagyny geçirdi

Günorta Koreýanyň Baş Ştaby, Demirgazyk Koreýanyň tanalmadyk gysga aralykly raketalar uçuryp, 8 günüň dowamynda eýýäm 3-nji gezek raketa synagyny geçirendigini habar berdi

1246940
Demirgazyk Koreýa ýene-de bir raketa synagyny geçirdi

Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Günorta Koreýanyň Baş Ştaby tarapyndan berilen beýanatda, Demirgazyk Koreýanyň ýerli wagt bilen sagat 02:59-da we 03:23-de, Günorta Hamgýong Ýonghung sebitinden Ýaponiýa deňizine tarap gysga aralykly raketalar uçurandygyny aýan etdi.

Beýanatda, takmynan 25 km ýokaryk galan raketalaryň 220 km ýol geçendigi mälim edildi.

Günorta Koreýanyň Baş Ştaby tarapyndan berilen maglumatda, Demirgazyk Koreýanyň uçuran raketalarynyň täze görnüşli gysga aralykly ballistik raketa bolup biljekdigi, emma raketalaryň görnüşiniň anyklanmagy üçin has köp wagty gerek bolup biljekdigi habar berildi.

Phenýan atan raketalarynyň täze köpçülikleýin raketa atmak ulgamynyň ilkinjisiniň synagydygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar