Russiýa we Eýran bilelikde türgenleşik geçirer

Eýranyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi admiral Hüseýin Hanzade, Russiýa bilen Pars aýlagynda we Ormuz bogazynda umumy harby türgenleşik geçirjekdiklerini habar berdi

1244549
Russiýa we Eýran bilelikde türgenleşik geçirer

Russiýanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherine baran Hanzade, Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA beýanat berdi.

Eýran bilen Russiýanyň harby hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişendigini aýdan Hanzade: “Eýran bilen Russiýanyň Harby-deňiz güýçleri, Hindi okeany, Pars aýlagy we Ormuz bogazynda umumy harby türgenleşik geçirer” diýip aýan etdi.

Hanzade, umumy harby türgenleşigiň şu ýylyň ahyryna çenli geçirilmegine garaşýandyklaryny habar berdi.



Degişli Habarlar