Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň gämisini yzyna iberdi

Günorta Koreýa, deňiz serhedini ýalňyşlyk bilen geçen Demirgazyk Koreýa degişli gämini we ekipažyny yzyna ugratdy

1244416
Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň gämisini yzyna iberdi

Günorta Koreýanyň Baş ştaby tarapyndan berilen beýanatda, iki Koreýanyň arasyndaky deňiz serhedinden Günorta Koreýa tarap geçen, Demirgazyk Koreýa degişli balykçy gämisindäki 3 adamdan ybarat ekipažyň Demirgazyga iberilendigi mälim edildi. 

Demirgazyk Koreýaly deňizçiler, nawigasiýadaky näsazlyk sebäpli, ýalňyşlyk bilen Günorta Koreýa tarapyna geçendiklerini we yzyna gaýdyp barmak isleýändiklerini habar berdiler. Şol sebäpli Günorta Koreýaly resmiler, adamlary Demirgazyga ibermek barada karara geldiler. 

Demirgazyk Koreýa degişli gämi geçen hepdäniň şenbe güni iki Koreýanyň arasyndaky deňiz serhedini geçmegi sebäpli, Günorta Koreýa degişli bir gämi wakanyň bolan ýerine gönükdirilipdi. Gämidäki 3 adam, soraga çekilmek maksady bilen Günorta Koreýanyň Ýangýang portyna alynyp gidilipdi. 

 



Degişli Habarlar