Braziliýadaky tebigy apatlar sebäpli 11 adam ýogaldy

Braziliýanyň demirgazyk-gündogarynda aşa güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda we ýeriň süýşmegi netijesinde 11 adam ýogaldy

1242034
Braziliýadaky tebigy apatlar sebäpli 11 adam ýogaldy

Ýangyn söndüriji gullugyň resmileri, Pernambuko ştatynyň Rekife, Olinda, Abreu we Lima şäherlerindäki aşa köp ýagan ýagyşar sebäpli emele gelen sil apatynda we ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sanynyň 11-e ýetendigini, azyndan 7 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdiler.

Resmiler, dereksiz ýiten 6 adamyň entek tapylmandygyny beýan etdiler.

Silleriň täsirli bolan käbir etraplarda käbir resmi guramalarda we mekdeplerde arakesme berildi.

Rekife şäherinde geçen aý bolan sil apatynda we ýer süşýgünlerinde bolsa 9 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #sil , #Braziliýa

Degişli Habarlar