Siriýada bolan partlamada asuda ilatdan 3 adam ýogaldy

Partlamada 7 adam ýaralandy

1230124
Siriýada bolan partlamada asuda ilatdan 3 adam ýogaldy

Siriýanyň günortasynda ýerleşýän Başar Asada tabynlykly güýçleriň gözegçiligi astyndaky Süweýde welaýatynda bolan partlamada asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.

Siriýanyň hökümetiniň SANA habarlar gullugy, Süweýde welaýatynda düýn agşamara motosiklete goýlan bombanyň ýarylandygyny habar berdi.

Habarda partlamada asuda ilatdan 3 adam ýogaldygy, 7 adam ýaralandyğy nygtaldy

Süweýde welaýatynyň merkezinde geçen ýylyň iýul aýynda terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan hüjümde 150 adam ýogalypdy.

 


Etiketkalar: #partlama , #asuda ilat , #Siriýa

Degişli Habarlar