Owganystanda etrabyň Içeri işler edarasynyň müdüri öldürildi

Owganystanyň Gazna welaýatynda guralan bombaly hüjümde Hogýani etrabynyň Içeri işler edarasynyň müdüri Kadir Şah öldürildi

1225730
Owganystanda etrabyň Içeri işler edarasynyň müdüri öldürildi

Gazna welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Arif Nuri metbugata beren beýanatynda, Gaznanyň merkeziniň golaýynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, Kadir Şahyň ulagynyň şol ýerden geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi.  

Hüjümde Şah bilen birlikde bir goragçynyň ýogalandygyny aýdan Nuri, 3 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini Taliban guramasy öz üstüne aldy. 

 



Degişli Habarlar