Talibana agza terrorçylar Owganystanda ýene-de bir hüjüm gurady

Owganystanyň günbataryndaky Gor welaýatyndaky bazalaryň birine Talibana agza terrorçylaryň guran hüjüminde 14 goragçy bilen asuda ilatdan 1 adam ýogaldy

1215284
Talibana agza terrorçylar Owganystanda ýene-de bir hüjüm gurady

Gor welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Abdulhaý Hatibi metbugata beren beýanatynda, Talibanyň Gor welaýatynyň Dewletýar etrabyndaky baza hüjüm guramagy netijesinde çaknyşygyň ýüze çykandygyny habar berdi.

Çaknyşykda 14 goragçynyň ýogalandygyny aýdan Hatibi, 7 goragçynyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 

Hatibi, çaknyşykda Talibanyň hem ýitgi çekendigini habar berdi. 

Çaknyşykda asuda ilatdan hem 1 adamyň ýogalandygy hem beýan edildi. 

 


Etiketkalar: #Gor , #Owganystan

Degişli Habarlar