Tramp: “Serhediň meselä sebäp boljakdygyny pikir etmeýärin” diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Britaniýanyň ÝB-niň düzüminden çykmagyndan soň Irlandiýanyň serhet ýagdaýynyň gowy boljakdygyny belledi

1214213
Tramp: “Serhediň meselä sebäp boljakdygyny pikir etmeýärin” diýdi

Tramp, Şa zenany II Ýelizawetanyň çakylygyna laýyklykda Britaniýa guran döwlet saparyndan soň, Irlandiýa geçdi.

Şannon howa menzilinde Irlandiýanyň premýer ministri bilen Leo Waradkar bilen duşuşyk geçiren Tramp, ol ýerde metbugat işgärlerine beýanat berdi.

ABŞ-nyň Meksika serhedine örülýän diwary göz öňünde tutan Tramp, ABŞ-daky ýaly Irlandiýada hem serhet ýagdaýy meselesiniň bardygyny nygtady.

Bu ýagdaýyň Breksitden soň gowy boljakdygyny aýdan Tramp: “Serhediň meselä sebäp boljakdygyny pikir etmeýärin” diýdi.

Waradkaryň Breksitden soň Irlandiýa bilen Beýik Britaniýanyň bir bölegi bolan Demirgazyk Irlandiýanyň arasynda ýaňadandan serhet çekilmegini islemeýändiklerini aýtmagyna, Tramp: “Bizem” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar