Müsürde gözegçilik nokadyna hüjüm guraldy

Hadysada 8 polis işgäri ýogaldy

1213944
Müsürde gözegçilik nokadyna hüjüm guraldy

Müsüriň Demirgazyk Sinaý welaýatynda ýerleşýän gözegçilik nokatlarynyň birinde guralan ýaragly hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda Polisiýa gullugynyň 8 işgäri ýogaldy.

Müsüriň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, terrorçylar Ariş şäheriniň günortasyndaky gözegçilik nokadyna ýaragly hüjüm gurady.

Hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda aralarynda ofiserler hem bolan jemi 8 polis ýogaldy, 5 hüjümçi bolsa täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ýurdyň demirgazyk-gündogaryndaky Demirgazyk Sinaý welaýatynda ýerleşýän Refah we Ariş şäherlerinde, wagtal-wagtal ýaragly hüjümler guralýar.



Degişli Habarlar