Russiýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ýaraşyk gepleşikleriniň 4-nji hem netijesiz tamamlandy

Bu barada “TASS” habar berýär

1211397
Russiýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ýaraşyk gepleşikleriniň 4-nji hem netijesiz tamamlandy

Russiýanyň “TASS” habarlar gullugynyň habar bermegine görä Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono we Ýaponiýanyň Goranmak ministri Tekeşi İwaýa 2-2 formatynda Tokioda duşuşdy.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro remi Tokionyň rus harby goşunlarynyň Russiýanyň “Kuril adalary”, Ýaponiýanyň “Demirgazyk etraplary” atlandyrýan adalarynda ornaşmagyna reaksiýa bildirdi.

Taro: “Russiýanyň Demirgazyk etraplarynda harby goşunlarynyň sanyny artdyrmagy hukuk taýdan biziň üçin kabul edilmesiz” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow bolsa kärdeşi Kanonyň Russiýanyň adalarda alyp barýan işleri boýunça nägileligini beýan edendigini nygtap: “Oňa jogap hökmünde şu çemeşmämizi beýan etdik: Rus ýaragly güýçleri özüne degişli ygtyýarly ýerlerinde halkara kanunlara laýyklykda iş alyp barýar” diýdi.

Rus we ýapon resmiler tarapyndan ynjyk meselelere-de garalýan gepleşikleriň netijeli geçýändigini beýan eden Lawrow, 2-2 formatynda Moskwada täze bir maslahatyň geçirilmegi barada ylalaşandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar