Yrakda terror guramasy DAIŞ-iň guran iki hüjüminde 6 polis gullukçysy ýogaldy

DAIŞ şäher merkezinde we beýleki etraplarda wagtal-wagtal hüjümlerini dowam etdirýär

1202215
Yrakda terror guramasy DAIŞ-iň guran iki hüjüminde 6 polis gullukçysy ýogaldy

Yragyň Kerkuk şäherinde, terror guramasy DAIŞ-iň Federal howpsyzlyk güýçlerine garşy guran iki hüjüminde 6 polis gullukçysy ýogaldy.

Mesele hakynda berlen beýanatda, terror guramasy DAIŞ-iň howpsyzlyk güýçlerine garşy guran iki hüjüminde 6 polis gullukçysynyň ýogalandygy nygtaldy.

Terror guramasy DAIŞ, 2014-nji ýylyň iýun aýynda Mosulyň başda durmagynda Yragyň territoriasynyň 1/3 bölegini ele geçiripdi.

Yragyň howpsyzlyk güýçleri, 2017-nji ýylyň dekabr aýynda topraklarynyň esasy bölegini yzyna alypdy.

Emma terror guramasy DAIŞ şäher merkezinde we beýleki etraplarda wagtal-wagtal hüjümlerini dowam etdirýär.

 

 

 



Degişli Habarlar