AK Tam Erdogan bilen Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada beýanat berdi

“Iki lider özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy”

1192272
AK Tam Erdogan bilen Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada beýanat berdi

AK Tam Prezident R. T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezident Donald Trampyň düýn agşam geçiren telefon söhbetdeşligi barada beýanat berdi.

Ak Tamdan mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda “Iki lider söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, Siriýanyň demirgazygynda başdan geçirilýän wakalar we Türkiýäniň Russiýadan alçak S-400 raketa goranyş ulgamy bilen birlikde özara gatnaşyklar ýaly birnäçe ugur hakynda pikir alyşdy” diýildi.

Beýanatda Prezident Erdoganyň, Prezident Trampa ABŞ-nyň San Diego şäherinde hepdäniň ahyrynda sinagoga guralan hüjüm sebäpli gynanç bildirendigi ýatladyldy.

Ady agzalýan hüjümde 1 adam ýogalypdy, 3 adam ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar