Awstraliýada ýaragly hüjüm guraldy

Waka bilen bagly derňew işi başladyldy

1183007
Awstraliýada ýaragly hüjüm guraldy

Awstraliýanyň Melburn şäherinde gije klublarynyň biriniň öňünden geçýän ulagdan töwerege od açylmagy netijesinde 1 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy, 3 adam ýaralandy. 

Wakanyň terrorçylykly aksiýa bolup-bolmandygy derňelýär. 

Resmiler ýaralanan adamlaryň hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny habar berdiler. 

Golaýdan od açylmagy sebäpli ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň agyrydygy mälim edildi. 

Waka bilen bagly derňew işi başladyldy. 

 


Etiketkalar: #Awstraliýa , #Melburn , #hüjüm

Degişli Habarlar