Owganystanda Talibana agza terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy

Çaknyşykda howpsyzlyk güýçlerinden 7 adam ýogaldy

1182746
Owganystanda Talibana agza terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy

Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Gor welaýatynda Talibana agza terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 7 howpsyzlyk işgäri ýogaldy, 1-i ýaralandy

Gor welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Abdulhaý Hatibi, Talibana agza terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşygyň bolandygyny aýtdy.

Çaknyşykda howpsyzlyk güýçlerinden 7 adamyň ýogalandygyny aýdan Hatibi, 1 polis gullukçysynyň hem ýaralanandygyny nygtady.

Taliban tarapyndan berlen beýanatda bolsa çaknyşykda 10 esgeriň öldürlendigi öňe sürüldi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar