Pakistanda bazar ýerinde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä, 8 adam ýogaldy

Howpsyzlyk güýçleri ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirýär

1181804
Pakistanda bazar ýerinde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä, 8 adam ýogaldy

Pakistanyň Ketta şäherinde bazar ýerinde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä,16 adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy

Pakistanyň Dawn gazetiniň berýän habaryna görä, İçeri işler müdüri Abdur Razzag Çeema Hazar Gunžu etrapçasynda bazar ýerinde bombanyň ýarylmagy sebäpli 16 adamyň ýogalandygyny nygtady.

Bombaly hüjümde Şaýy Hazaralaryň nyşana alynandygyny ýatladan Çeema, ýaralanan köp sanly adamyň hem golaýdaky hassahanalarda bejeri astyna alynandygyny belledi.

Howpsyzlyk güýçleri ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirýär

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady

 

 



Degişli Habarlar