Sudanda harby goşun hökümet agdarlyşygyny etdi

Goranmak ministri Awad Bin Awf Ýokary harby geňeşiň döwlet dolanşygyny ele alandygyny beýan etdi

1181634
Sudanda harby goşun hökümet agdarlyşygyny etdi

Döwlet teleýaýlymyndan agdarlyşygyň jarnamasyny okan Goranmak ministri, Prezident Omar Al Beşiriň öz ellerinde we howpsyz ýerdedigini aýtdy.

Bin Awf ýurdy 2 ýylyň dowamynda Harby geňeşiň dolandyrjakdygyny, geçiş döwründen soň saýlawyň geçiriljekdigini, Konstitutsiýanyň höküminiň bes edilendigini aýtdy.

Goranmak ministri howa giňişliginiň we gümrük geçelgeleriniň 24 sagadyň dowamynda ýapyk boljakdygyny belläp, Premýer ministrligiň, Mejlisiň we welaýatlaryň dolanşyklarynyň hem bes edilendigini aýtdy.

Ýurtda 3 aý möhlet bilen adatdan daşary dolanşyk düzgüni yglan edildi.

Ýurtda 1 aýyň dowamynda sagat 19:00-dan soň köçä çykmak gadagan edildi.

Aktiwistler bolsa Goranmak ministri Awfa garşy ýörişleriň dowam etdirilmegi üçin çagyryş berdi.

Harby goşun ir ertir döwlet telýaýlymy, radiosy bilen resmi habarlar gullugynyň binalaryny gabaw astyna alypdy.



Degişli Habarlar