Owganystanda gözegçilik merkezine Taliban tarapyndan hüjüm guraldy

Hüjümde 8 polis ýogaldy

1175561
Owganystanda gözegçilik merkezine Taliban tarapyndan hüjüm guraldy

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Balh welaýatynyň Şolgere etrabyndaky polis gözegçilik merkezine Taliban tarapyndan guralan hüjümde 8 polis gullukçysy ýogaldy

Welaýat içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Adilşah Adil Talibanyň Şolgere etrabynyň Bagy Palwan etrapçasyndaky gözegçilik merkezine hüjüm edendigini aýtdy.

Hüjümde 8 polisiň ýogalandygyny ýatladan Adil, 5 polisiň hem ýaralanandygyny belledi.

Taliban tarapyndan berlen beýanatda bolsa hüjümde 11 polisiň ýogalandygy öňe sürüldi.

 

 



Degişli Habarlar