Özbegistanyň daşary işler ministri Owganystana bardy

Özbegistan, owgan hökümeti bilen Talibanyň arasynda gönüden parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini etmäge taýýardygyny habar berdi

1174760
Özbegistanyň daşary işler ministri Owganystana bardy

Özbegistanyň daşary işler ministri Abdülaziz Kamilow, resmi sapar bilen Owganystanyň paýtagty Kabul şäherine bardy.

Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani, Kamilowy we ýanyndaky wekiliýeti Prezident köşgünde kabul etdi.

Prezident Gani, sebitiň ýurtlarynyň arasynda umymy işleriň alynyp barylmagynyň sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegi taýdan möhümdigini belledi.

Gani, Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Özbegistana edýän tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Özbegistanyň daşary işler ministri Abdülaziz Kamilow bolsa öz gezeginde: “Taliban kabul etse Owganystanyň hökümeti bilen Talibanyň arasynda gönüden parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini etmäge taýýardyrys” diýdi.

Özbegistanyň Owganystandaky parahatçylyk etabyny goldaýandygyny aýdan Kamilow, ýurdunyň mundan başgada Owganystan bilen ykdysady, söwda we aragatnaşyk ugurlarynda gatnaşyklary özgertmek isleýändigini mälim etdi.



Degişli Habarlar