Tramp, Mun bilen duşuşyk geçirer

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Mun Džein 11-nji aprelde Ak Tamda duşuşyk geçirerler

1172879
Tramp, Mun bilen duşuşyk geçirer

Ak Tamyň Metbugat gullugy, Tramp-Mun duşuşygy bilen bagly ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda, 11-nji aprelde Ak Tamda geçiriljek duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde, esasan hem Demirgazyk Koreýa bilen bagly soňky hadysalaryň ara alynyp maslahatlaşyljakdygy habar berildi.

Iki ýurdyň arasyndaky alýansyň örän güýçlüdigi aýdylýan beýanatda, Munyň saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem güýçlendirmegine iterjekdigi beýan edildi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň arasynda Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäherinde 27-28-nji fewral aralygynda geçirilen ikinji duşuşykdan netije alynyp bilmändi.

Tramp, Kim bilen geçiren duşuşygy bilen bagly: “Olar embargolaryň dolulygyna ortadan aýrylmagyny isledi. Biz bolsa muny etmek niýetnde däldik. Şol sebäpli ylalaşyp bilmedik” diýdi.



Degişli Habarlar