Pars aýlag ýurtlary Trampyň Golan depeleri baradaky kararyny ýazgardy

Golan depeleri “basyp alyşlyk astyndaky Siriýanyň territoriasy"

1172911
Pars aýlag ýurtlary Trampyň Golan depeleri baradaky kararyny ýazgardy

Pars aýlag ýurtlarynyň mejlis başlyklary ABŞ-nyň Prezidenti Doland Trampyň Golan depeleriniň Ysraýyla degişlidigi hakyndaky kararyny ýazgardy.

Kataryň gatnaşmagynda Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda geçirlen Pars aýlag ýurtlarynyň mejlis başlyklarynyň maslahatynyň jemleýji jarnamasynda, halkara kararlara görä, Golan depeleriniň “basyp alyşlyk astyndaky Siriýanyň territoriasydygy” nygtaldy.

Jarnamada ady agzalýan karar ýazgaryldy we kararyň Ýakyn Gündogardaky parahatçylyk etabyna, sebitiň durnuklylygyna we howpsyzlygyna uly zeper ýetirjekdigi barada duýduryş berildi.

Beýleki tarapdan Marokkonyň Şasy Muhammed IV bilen Iordan Şasy Abdullah II hem Ysraýylyň Golan depeleri baradaky kararynyň legal däldigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 25-nji martda ABŞ-nyň Golan depelerinde Ysraýylyň özygtyýarlygyny ykrar edýän kararnama gol goýupdy

Ysraýyl Siriýa degişli bolan Golan depelerini 1967-nji ýylda basyp alypdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar