Trampyň Golan depeleri baradaky kararyna dünýä ýurtlary uly garşylyk görkezdi

“1967-nji ýylda Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Golan depelerinde Ysraýylyň özygtyýarlygyny ykrar etmeýäris"

1170863
Trampyň Golan depeleri baradaky kararyna dünýä ýurtlary uly garşylyk görkezdi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Siriýa degişli Golan depelerinde Ysraýylyň özygtyýarlygyny ykrar edýän kararyna dünýä ýurtlary uly garşylyk görkezdi.

ÝB tarapyndan berlen beýanatda “1967-nji ýylda Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Golan depelerinde Ysraýylyň özygtyýarlygyny ykrar etmeýäris” diýildi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stephane Dužarriç hem gündelik metbugat ýygnagynda “Golan depeleriniň statusy üýtgemedi we BMG-nyň Golan baradaky syýasaty Howpsyzlyk geňeşiniň degişli kararynda açyk aýdyň nygtalýar”diýdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Golan depelerini Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky territoria hökmünde görýändigini we Ysraýylyň basyp alyşlygyny legallaşdyrmak islemeýändiklerini mälim etdi.

Kanadanyň Daşary işler ministrligi hem “Kanada halkara hukugyna laýyklykda Ysraýylyň Golan depelerindäki özygtyýarlygyny ykrar etmeýär. Kanadanyň bu meselede alyp barýan syýasaty üýtgemedi” diýildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa bolsa “ Halkara hukugyna bap gelmeýän bu karar gynansakda Ýakyn Gündogardaky dartgynlygy möwjedip biler” diýdi.

Ispaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda hem “Halkara hukuga we BMG-nyň şertnamalaryna görä, haýsydyr bir territorianyň güýç bilen basylyp alynmagy kabul edilmeýär we Ispaniýa hem şol sebäpli Ysraýylyň Golan depelerindäki özygtyýarlygyny ykrar etmeýär” diýildi.

Kataryň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, “Resmi Doha, basyp alyşlyk astyndaky Golan depeleriniň arap topragydygy hakyndaky tutumyny dowam etdirýar” diýildi.

Liwanyň Daşary işler ministrliginiň ýazmaça beýanatynda “Trampyň Ysraýylyň Golan depelerinde özygtyýarlygyny ykrar etmegi halkara hukuguny basgylamak bilen birlikde sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi baradaky tagallalary hem bökdeýär” diýildi.

Yragyň Daşary işler ministri Muhammed Ali Al Hekim hem “Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Golan Siriýa degişli we Golan depeleri BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararyna laýyklykda Siriýa yzyna berilmeli” diýdi.

Iordaniýanyň Daşary işler ministri Eýmen As Safedi bolsa Iordaniýa basyp alyşlyk astyndaky Golan depeleriniň Ysraýylyň özygtyýarlygyna berilmegini kabul etmeýär” diýdi.

Mawritaniýa bilen Arap Ligasy hem Golan depelerinde Ysraýylyň özygtyýarlygyny kabul etmeýändiklerini mälim etdi.

ABŞ-da ýaşaýan prowaslaw ýehudiler hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň arasyndaky duşuşykda, ABŞ-nyň Golan depelerinde Ysraýylyň özygtyýarlygyny ykrar etmegine garşy Ak Tamyň öňünde protest ýörişini geçirdi.

Protest ýörişinde Prezident Trampyň kararyna garşylyk görkezildi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp düýn 52 ýyldan bäri basyp alyşlyk astynda bolan Golan depelerinde Ysraýylyň özygtyýarlygyny ykrar edýän kararnama gol goýupdy.



Degişli Habarlar