Hytaýda harby uçar ýere gaçdy

Wakada 2 adam ýogaldy

1161825
Hytaýda harby uçar ýere gaçdy

Hytaýyň Haýnan ştatynda harby uçaryň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň 2 uçarmany ýogaldy.

“Halkyň gündeligi” gazediniň berýän habaryna görä, Haýnan ştatynyň Lydong etrabynda tälim uçuşyny amala aşyrýan uçar ýere gaçdy.

Hytaý Halk Azatlyk goşunynyň Harby-deňiz güýçlerine degişlidigi aýdylýan uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 uçarman ýogaldy.

Wakanyň bolan ýerinde uçarmanlardan başga ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň ýokdygy habar berildi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.

Ada ştaty bolan Haýnan, Günorta Hytaý deňizinde ýerleşýär.


Etiketkalar: #Hytaý , #harby uçar

Degişli Habarlar