Howa menzilinde bäbegini ýadyndan çykaran zenan uçary yzyna getirdi

Saud Arabystanynyň Jidde şäherinden Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpura gitmek üçin ýola çykan uçardaky bir zenan, bäbegini howa menzilinde ýadyndan çykarandygyny aýtmagy bilen uçar yzyna Jidde şäherine geldi

1161898
Howa menzilinde bäbegini ýadyndan çykaran zenan uçary yzyna getirdi

YouTube gollanmasyna ýüklenen wideoda, Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpura gitmek üçin hereket eden uçaryň uçarmany, Jiddedäki howa menziliniň howa hereketleriniň dolanşyk merkezine yzyna gonmak üçin gyssagly ýagdaýda çagyryş berendigini eşidip bolýar.

Malaýziýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, uçarman, ady agzalan wideoda, howa hereketleriniň dolanşyk merkeziniň işgärine: “Ýolagçylaryň biri bäbegini garaşylýan zalda ýadyndan çykardy. Yzymyza gonup bilerismi?” diýip gyssagly ýagdaýda gonmak üçin talap bildirýär.

Howa hereketleriniň dolanşyk merkeziniň işgäri bolsa haýran galyp: “Düşündim, yzyňyza gaýdyp bilersiňiz. Bular ýaly zady ilkinji gezek eşidýärin” diýip jogap berdi.

Uçar uçanyndan gysga wagt soň Jiddedäki Şa Abdul Aziz howa menziline gaýdyp, yzyna gondy.

Zenan ýolagçynyň çagasyny howa menzilinde nädip ýadyndan çykarandygy barada bolsa maglumat berilmedi.



Degişli Habarlar