Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulagy Ukraina gowşuryldy

Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulagynyň ýurduna gowşurlandygyny mälim etdi

1159355
Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulagy Ukraina gowşuryldy

 

Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko Türkiýeden satyn alynan Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulagynyň ýurduna gowşurlandygyny mälim etdi.

Prezident Poroşenko Türkiýeden satyn alynan Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulagynyň ýurduna gowşurylmagy barada beýanat berdi.

Türkiýede öndürlen uçarmansyz howa ulaglarynyň 12 sagat gözegçilik uçuşyny amala aşyryp bilýändigine ünsi çeken Poroşenko “Döwrebap uçarmansyz howa ulaglary Baýraktar TB2 Ukraina geldi” diýdi.

Ukrainanyň ýaragly güýçlerini döwrebap ýaraglar we harby enjamlar bilen güýçlendirmäge dowam edýändiklerini aýdan Poroşenko,  “Uçarmansyz howa ulaglary Ukraina bilen NATO-nyň arasyndaky meýilnama laýyklykda satyn alyndy” diýdi.

Prezident Poroşenko düýn beren beýanatynda Baýraktar uçarmansyz howa ulagynyň ýakynda Ukrainada synag uçuşlaryny amala aşyrjakdygyny aýdypdy.

 

 



Degişli Habarlar