Müsür bilen Fransiýa umumy türgenleşik geçirýär

Müsür bilen Fransiýanyň Harby-howa güýçleriniň arasynda umumy harby türgenleşik başlady

1156139
Müsür bilen Fransiýa umumy türgenleşik geçirýär

Müsüriň Ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary Tamir er-Rufai, beren ýazmaça beýanatynda, Fransiýanyň Rafael harby uçarlarynyň Müsürdäki bir howa bazasyna gelendigini we iki ýurdyň howa güýçleriniň arasyndaky harby türgenleşigiň başlandygyny habar berdi.

Rufai birnäçe gün dowam etjek türgenleşigiň, iki ýurdyň Harby-howa güýçleriniň arasynda tejribe paýlanşygy we harby gatnaşyklary güýçlendirmek maksatlydygyny mälim etdi.

Rufai, programmanyň umumy howa operasiýalary guramak, duşman nyşanalaryna hüjüm etmek, operasiýa meýilleşdirmek we dolandyrmak ýaly türgenleşikleri öz içinde jemleýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar