Hindistan we Pakistan ikitaraplaýyn häsýetde od açdylar

Pakistanyň we Hindistanyň arasyndaky Kaşmirdäki gözegçilik zolagynda ikitaraplaýyn häsýetde od açylmagy netijesinde 4 pakistanly we 3 hindistanly ýogaldy, 2 pakistanly bolsa ýaralandy

1155601
Hindistan we Pakistan ikitaraplaýyn häsýetde od açdylar

Pakistanyň Ýaragly güýçleriniň metbugat sekretarlygyndan berilen maglumatda, hindi esgerleriň agyr ýaraglar bilen Nakiýal, Tattapani we Jandrot sebitlerine asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerini nyşana alyp od açandygy beýan edildi.  

Beýanatda pakistanly 2 esgeriň we asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Asuda ilatdan 2 adamyň hem ýaralanandygy aýdylýan beýanatda, köp sanda öýe zeper ýetendigi mälim edildi.

Hindistanly resmiler hem Pakistan tarapynyň od açmagy netijesinde asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygyny aýan etdiler.



Degişli Habarlar