Tramp-Kim duşuşygynda ylalaşyk gazanylmady

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň arasynda Wýetnamyň paýtagty Hanoi şäherinde geçirilen 2-nji taryhy duşuşykda ylalaşyk gazanyp bolmady

1154183
Tramp-Kim duşuşygynda ylalaşyk gazanylmady

Donald Tramp: “Demirgazyk Koreýa bilen hiç hili şertnama gol çekmezlik barada karara geldik” diýdi.

Demirgazyk Koreýa garşy embargolaryň entek dowam etjekdigini aýdan Tramp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň ýadro we raketa synaglaryny geçirmezlik barada söz berendigini habar berdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Sara Sanders bolsa Tramp we Kimiň arasynda geçen duşuşykda ylalaşygyň gazanylmandygyny, emma iki ýurdyň arasyndaky gepleşikleriň geljekde dowam etjekdigini mälim etdi.

Sanders iki ýurdyň arasyndaky duşuşygy örän gowy we konstruktiw hökmünde häsýetlendirdi.

Tramp we Kim, duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan myhmanhanadan ir çykdylar, umumy gol çekilşik dabarasy bolsa tekjä goýuldy.



Degişli Habarlar