Eýranyň Daşary işler ministri wezipesinden çekildimi?

Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif, özüniň Instagram hasabyndan beren beýanatynda, wezipesini dowam etdirip bilmejekdigini habar berdi

1152475
Eýranyň Daşary işler ministri wezipesinden çekildimi?

Jewad Zarif: “Eziz we batyr Eýranyň milleti bilen beýleki resmilere yzda galan 47 aý boýunça görkezen salykatlylyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin. Wezipämiň dowamynda ýerine ýetirip bilmedigim hyzmatlar we kemçilikler sebäpli tüüs ýüregimden ötünç soraýaryn. Aman galyň” sözlerini ulandy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisiniň kömekçisi Abbas Musewi, Eýranyň IRNA habarlar agentligine beren beýanatynda Jewad Zarifiň wezipeden çekilendigini tassyklady.

Zarifiň näme sebäpli wezipesinden çekilendigi barada bolsa maglumat berilmedi.

Prezident Diwanynyň ýolbaşçysy Mahmud Waizi bolsa sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Zarifiň wezipesinden çekilmek baradaky arzasynyň Prezident Hasan Ruhani tarapyndan kabul edilendigi baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny habar berdi.

Mejlisiň Milli howpsyzlyk we Daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmetullah Falahetpişe bolsa: “Zarif ozal hem ençeme gezek wezipesinden çekilipdi. Emma bu gezek wezipesinden çekilmek baradaky kararyny halk köpçüligine aýan etdi we bu bolsa Zarifiň, Prezident Ruhaniniň bu karary kabul etmegini isleýändigini görkezýär” diýdi.

Beýleki tarapdan sosial mediada berilýän habarlarda, Siriýanyň lideri Başar Asadyň Tährana guran saparynyň Zarife habar berilmändigi we Zarifiň bu hereketden nägiledigini görkezmek üçin bu karara gelendigi öňe sürüldi.



Degişli Habarlar