Donald Tramp Demirgazyk Koreýa bilen bagly beýanat berdi
ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan ýüz öwüren halatynda, iň uly ykdysady güýçlerden biri bolup biljekdigini habar berdi
Tramp özüniň Twitter hasabyndan Demirgazyk Koreýanyň islendik bir ýurtdan has çalt ösüş potensialyna eýedigini belläp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen Wýetnamda geçirjek duşuşygynyň üstünde durup geçdi.
Tramp: “Ikimizem Singapurda geçen ilkinji maslahatda ylalaşan meselelerimiziň dowam etmegini isleýäris. Prezident Kim, belkem ýadro ýarag bolmadan ýurdunyň çalt depginler bilen, dünýäde uly ykdysady güýçleriň biri bolup biljekdigini herkimden has gowy bilýändir. Ýerleşişi, halky we Kimiň saýasynda islendik bir ýurtdan has çalt ösüş potensialyna eýe” diýip nygtady.
Donald Tramp, gubernatorlaryň gatnaşmagynda geçirilen çärede Kim bilen gowy gatnaşyklar ýola goýandygyny belläp, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglardan saplanmagy babatynda gyssanmaýandygyny mälim etdi.
Beýleki tarapdan Tramp bilen Kimiň 27-28-nji fewral aralygynda geçirjek duşuşygy sebäpli Wýetnamda ýokary derejeli hopwsyzlyk çäreleri görülýär.
Degişli Habarlar
Hindistanda karýeriň çökmegi netijesinde azyndan 15 adam ýogaldy
Hindistanda karýerleriň biriniň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 15 adam ýogaldy
Ysraýylly Tanklar Rafah Şäher Merkezine Girdi
Tanklar Al Awde metjidiniň golaýyna çenli geldi we 1 metjidi nyşana aldy.