Ýemende söweşýän taraplar 2 müň 700 çagany ýarag astyna aldy

Ýemende söweşlerden iň köp zyýan görenleriň çagalardygy aýdylýan beýanatda, çagalaryň söweşe gatnaşdyrmaly däldigi nygtaldy

1149866
Ýemende söweşýän taraplar 2 müň 700 çagany ýarag astyna aldy

ÝUNISEF-iň Ýemendäki bölüminiň Twitter hasabyndan berilen ýazmaça beýanatda, söweşýän taraplar 2 müň 700 çagany zor bilen söweşdirýändigi, ondan başgda bolsa ýemenli gyzlaryň 2/3 böleginiň 18 ýaşyna ýetmeden durmuşa çykarylýandygy habar berildi.

Ýemende söweşlerden iň köp zyýan görenleriň çagalardygy aýdylýan beýanatda, çagalaryň söweşe gatnaşdyrmaly däldigi nygtaldy.

ÝUNISEF tarapyndan berilen beýanatda, Ýemen-de 2015-nji ýyldan bäri 6 müň 700-den gowrak çaganyň ýogalandygy mälim edildi.

Eýýäm ençeme wagt bäri syýasy durnuksyzlyk dowam edýän Ýemende Husiler, 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana başda bolmak bilen ýurdyň käbir ýerlerini öz gözegçiligi astynda saklaýar.  

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky Koalisiýa güýçleri bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Husilere garşy Ýemeniň hökümetine goldaw berýär.

Ýemende 4 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän çaknyşyklarda müňlerçe adam ýogaldy.


Etiketkalar: #ÝUNISEF , #çaga , #söweş

Degişli Habarlar