Taliban ýene-de bir hüjüm gurady

Anik, terrorçylaryň hüjümden soň ulagy alyp gaçandyklaryny beýan etdi

1149532
Taliban ýene-de bir hüjüm gurady

Owganystanyň demirgazygyndaky Jüzjan welaýatynda, terror guramasy Talibana agza terrorçylaryň hususy bir kärhana degişli ulaga guran hüjüminde 2 adam ýogaldy.

Jüzjan welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Feridun Anik, Jüzjandan Mezary Şerifa barýan hususy bir kärhana degişli ulaga garşy ýaragly hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hanakah etrabynyň golaýynda guralan hüjümde 2 adamyň ýogalandygyny aýdan Anik, 4 adamyň bolsa ýaralanadygyny mälim etdi.

Anik, terrorçylaryň hüjümden soň ulagy alyp gaçandyklaryny beýan etdi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar