Maduro firmalara Türkiýede, Russiýada, Hytaýda we Hindistanda bank hasaplaryny açmaga çagyrdy

Wenesuelanyň hökümeti 50-den gowrak firmany Türkiýede, Russiýada, Hytaýda we Hindistanda bank hasaplaryny açmaga çagyrdy

1149887
Maduro firmalara Türkiýede, Russiýada, Hytaýda we Hindistanda bank hasaplaryny açmaga çagyrdy

“BBJ-niň” türk dilindäki bölüminiň “Blumberg” habarlar gullugyna esaslandyrýan habarynda Wenesuelanyň hökümet resmileri bilen firmalaryň wekilleriniň arasynda geçirilen maslahatda meseläniň gün tertibine gelendig beýan edildi.

Habarda; “Maliýe ministrligi şol ýurtlarda bank hasabynyň nähili açylýandygyny öwretmek üçin maglumatlandyryş maslahatlaryny guramagy meýilleşdirýär” diýilýär.

Firmalaryň halkara töleglerini şol ýurtlarda açjak bank hasaplary arkaly geçirip, sanksiýalaryň çäklendirmelerini böwüsmekleri maslahat berilýär.

Wenesuelanyň ykdysadyýeti ABŞ-nyň agyr sanksiýalary sebäpli agyr çökgünligi başdan geçirýär. Ýurtda azyk we arassaçylyk harytlaryny almak, inflýasiýanyň 360 göterime barabar bolandygy sebäpli köp sanly weneseulaly üçin elýetersiz boldy.



Degişli Habarlar