Yrak Siriýa serhedine goşmaça harby güýç ugratdy

"DAIŞ-iň Yrak-Siriýa serhedinden ýurdumyza girmeginiň öňüniň alynmagy üçin berk çäre gördük”

1149042
Yrak Siriýa serhedine goşmaça harby güýç ugratdy

 

Yragyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Anbar welaýatynyň Siriýa serhedinde ýerleşýän Al Karim etrapçasyndaky serhet galasynda goşmaşa harby toparyň ugradylandygy ýatladyldy.

Beýanatda terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň ýurda girmeginiň öňüniň alynmagy maksady bilen şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi paýtagt Bagdatda düýn beren beýanatynda, terror guramasy DAIŞ-iň käbir etrapçalarda ýaňadandan ýüze çykjakdygy barada öňe sürülýän garaýyşlara jogap beripdi.

Premýer ministr Abdulmehdi “DAIŞ Yrakdaky tarapdarlaryna ruhy taýdan goldaw bermäge çalyşýar. Emma biziň howpsyzlyk güýçlerimiz gözegçiligi ele geçirdi, howpsyzlyk üpjün edildi. DAIŞ-iň Yrak-Siriýa serhedinden ýurdumyza girmeginiň öňüniň alynmagy üçin berk çäre gördük” diýipdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar