Wenesuelanyň Prezidenti Trampyň sözleri bilen bagly beýanat berdi

Nikolas Maduro, paýtagt Karakasda geçirilen maslahatlaryň birinde eden çykyşynda, Wenesuelany we sosializmi nyşana alan Donald Trampa jogap berdi

1147998
Wenesuelanyň Prezidenti Trampyň sözleri bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-niň Prezidentiniň “Sosializm Wenesuelany dolulygyna haraba öwürdi” sözlerini ýatladan Maduro: “Tramp Maýamide sosializmimizi soraga çekýän, ideologiýalary gadagan edýän we Ak Tamyň rasist düşünjesini zor bilen kabul etdirmäge synanyşýan çykyşy örän nasizme meňzedi” diýip nygtady.

Oppozisonerleri goldamak üçin goşuna haýbat atan Trampa nägilelik bildiren Maduro: “Ýaragly güýçleriň serkerdesi kim, Maýamidäki Donald Trampmy? Olar özlerini Wenesuelanyň eýesidigini pikir edýärler” diýip rekasiýa bildirdi.

ABŞ-niň Prezidentiniň Wenesuela bilen baglanşykly maksadynyň nämedigini bellän Maduro: “Trampyň Wenesuelada halaýan zady näme? Nebitmi, koltanmy, almazmy? Iň erbedi bolsa gurjak hökmünde hyzmat edýän wenesuelalylar. Ynsanperwer kömek bir şowdy. Biziň 30 milliard dollarymyzy ogurlap, 20 million dollarlyk çüýrän azyk teklip edýärler” diýip nygtady.

Maduro Russiýanyň 300 tonna ynsanperwer kömek iberjekdigini, mundan başga bolsa BMG-niň üsti bilen teklipler eden ýurtlaryň bardygyny habar berdi.



Degişli Habarlar