Awstraliýada mejlisiň kompýuter ulgamyna kiber hüjüm guraldy

Mejlisiň resmileri beren ýazmaça beýannamasynda kimdigi näbelli kompýuter garakçylarynyň mejlisiň kompýuter ulgamyna girmäge synanşandygynyň anyklanandygyny habar berdi

1147483
Awstraliýada mejlisiň kompýuter ulgamyna kiber hüjüm guraldy

Resmiler hüjümden soň guramanyň ähli kompýuterleriniň giriş kodlarynyň üýtgedilendigini beýan etdi.

Hüjümde mejlisiň maglumatlarynyň ogurlanyp ogurlanmandygy barada hiç hili deliliň bolmandygy barada aýdylýan beýannamada, degişli guramalaryň derňew işini geçirýändigi nygtalýar.

Ýanwar aýynda Germaniýanyň Federatiw Mejlisinde wekilçilik edilýän Hristian demokrat bileleşik partiýasynyň, Hristian sosial arkalaşyk partiýasynyň, Ýaşyllar, Erkin demokratlar partiýasynyň we Çepçi partiýanyň kompýuterlerine kiber hüjüm guralypdy. Hüjümde Prezident Frank Walter Şteinmeier we Kansler Angela Merkel bilen birlikde ýüzlerçe syýasatçynyň şahsy maglumatlary ogurlanypdy.

Russiýa üçin işleýän kompýuter garakçylarynyň ABŞ-da 2016-njy ýylda geçirilen prezident saýlawlaryndan ozal Demokrat partiýanyň dalaşgärlerine degişli elektron poçta hasaplaryny ele geçirendigi baradaky habarlar, saýlawlara daşardan çäre görülendigi bilen bagly diskussiýalaryň başlamagyna sebäp bolupdy.



Degişli Habarlar