Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde uniwersitetiň binasy çökdi

21 adam harabalyklaryň aşagynda galdy

1146709
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde uniwersitetiň binasy çökdi

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde uniwersitetleriň biriniň binasynyň bir böleginiň çökmegi netijesinde 21 adam harabalyklaryň aşagynda galdy.  

Sankt-Peterburg şäheriniň Maglumat tehnologiýasy, mehanika we optika uniwersitetiniň binasynyň 5-nji gaty 2-nji gata çenli çökdi.

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi binanyň abatlaýyş işlerinde ýalňyş işleriň geçirilmegi sebäpli çöken bolup biljekdigini habar berdi.

Halas ediji toparlar 60-dan gowrak adamy halas etdiler.

Çöken binanyň aşagynda bolsa ýene-de 21 adamyň bardygy çak edilýär.

Wakanyň bolan ýerinde halas ediş işleri dowam edýär.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar