Ukraina Krym ýarymadasynyň golaýynda harby türgenleşik geçirer

Ukrainanyň Goranmak ministrligi, şu aý Krym ýarymadasynyň golaýynda harby türgenleşigiň geçiriljekdigini mälim etdi

1142227
Ukraina Krym ýarymadasynyň golaýynda harby türgenleşik geçirer

Ministrligiň Metbugat ofisinden berilen beýanatda: “2019-njy ýylda jemi 4 harby türgenleşik geçiriler. Ilkinji türgenleşik fewral aýynda Krym ýarymadasynyň golaýynda ýerleşýän Herson sebitindäki Ýagorlik poligonynda, zenit raketalarynyň synag atyşlary bilen geçiriler” diýip habar berildi.

Ukrainanyň Zenit raketalar bileleşiginiň başlygy Ýuriý Stawskiý: “Ähli ünsümizi türgenleşige gönükdireris. Şu ýyl geçirjek türgenleşiklerimizi, geçen ýyl geçiren türgenleşiklerimize garanyňda has uly geçireris. Bu ýerde Buk-M1 we S-300P’ler bar. Türgenleşigi söweş ýagdaýyndaky ýaly geçireris. Şonsuzam maksadymyz şol” diýip belledi.

Russiýa 25-nji noýabrda suw giňişiligine bikanun ýagdaýda girmek bilen günäkärläp Ukraina degişli gämilere od açypdy we 3 Ukraina gämisini ele salypdy. Resmi Kiýew bolsa ukrainaly 6 esgeriň şol wakada ýaralanandygyny habar beripdi.

Şol wakadan soň Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko, Ukrainanyň Howpsyzlyk we Goranmak geňeşini gyssagly ýagdaýda ýygnapdy. Wakalardan soň Ukrainanyň Parlamendi, ýurdyň käbir ýerlerinde harby düzgünnama yglan etmek bilen bagly karar kabul edipdi.

Ukraina degişli Krymy 2014-nji ýylda bikanun ýagdaýda anneksirlän Russiýa, wakanyň Ukraina tarapyndan meýilleşdirilen bilksatlaýyn bir öjükdirme hereketdigini öňe sürýän bolsa, Ukraina öz gezeginde wakanyň jogapkäriniň Moskwadygyny nygtaýar.



Degişli Habarlar