Hytaý, Wenesuelada başdan geçirilýän kynçylyklaryň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegine goldaw berer

“Hytaý, Wenesuelanyň içerki işleriniň Wenesuelanyň halky tarapyndan kanunlara laýyklykda parahatçylykly ýagdaýda syýasy taýdan çözülmelidigine ynanýar”

1141871
Hytaý, Wenesuelada başdan geçirilýän kynçylyklaryň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegine goldaw berer

Hytaý, Wenesuelada başdan geçirilýän kynçylyklaryň parahatçylykly ýagdaýda syýasy taýdan çözülmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallasyna goldaw berjekdigini mälim etdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hua Çunýing mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda “Hytaý, Wenesuelanyň içerki işleriniň Wenesuelanyň halky tarapyndan kanunlara laýyklykda parahatçylykly ýagdaýda syýasy taýdan çözülmelidigine ynanýar” diýdi.

ÝB-niň öňbaşçylyk etmeginde Wenesuelada syýasy krizisiň çözülmegi üçin döredilen Halkara aragatnaşyk toparyna ünsi çeken Hua, Wenesuela meselesiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin degişli taraplara jogapkärçilikli hereket etmekleri barada çagyryş berdi.

Fransiýa, Germaniýa, İtaliýa, İspaniýa, Şwesiýa, Ekwador we Boliwýa ýaly ýurtlaryň gatnaşmagynda döredilen Halkara aragatnaşyk toparynyň agzalary geçen hepde Wenesuelada erkin saýlawlaryň geçirilmegi babatynda çagyryş beripdi.

 

 

 



Degişli Habarlar