Owganystanda zenanlar ortaça alty çaga dogurýar

Owganystanyň Saglygy goraýyş ministri Firuzuddin Firuz, ýurdyndaky zenanlaryň ortaça 6 çaga dogurýandygyny mälim etdi

1137889
Owganystanda zenanlar ortaça alty çaga dogurýar

Ministr Firuz paýtagt Kabulda geçirilen konferensiýalaryň birinde eden çykyşynda Owganystanyň dünýä derejesinde iň ýokary köpelgiçlige eýedigini habar berdi. 

Ýokary derejedäki köpelgiçligiň ýurdyň ilatynyň artmagyna sebäp bolýandygyny aýdan Firuz, ýurdyň ilatynyň her ýyl 2,3 göterim artýandygyny beýan etdi. 

Ministr Firuz bu tizlik bilen öňümizdäki 24 ýylda ýurdyň ilatynyň 2 esse artyp, 60 milliona golaýlajakdygyny çak edýändiklerini habar berdi. 

Firuz ene ölümleriniň öňüne geçmek üçin köpelmä arakesme berilmelidigini, bu babatda bolsa ministrlik hökmünde ýörite programmalaryň geçirilýändigini beýan etdi. 

Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan taýarlanan habarnama görä, 2018-nji ýylda 1 ýaşdan kiçi her 1000 çaganyň 91-i tapawutly sebäplerden ýogalýar. 

 


Etiketkalar: #Owganystan , #zenan

Degişli Habarlar