Putin Maduro goldaw berdi

“Wenesuelanyň içerki işlerine goşulyşmak halkara hukugyň basgylanmagy diýmekdir”

1132949
Putin Maduro goldaw berdi

 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Wenesuelada daşarky öjükdirmeler sebäpli emele gelen syýasy krizisde ýurduň saýlanan prezidenti Maduro goldaw berýändiklerini ýene-de bir gezek gaýtalady.

Kreml tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Putiniň Wenesuelada başdan geçirlen soňky wakalardan soň Prezident Nikolas Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Putin telefon söhbetdeşliginde “Wenesuelanyň içerki işlerine goşulyşmak halkara hukugyň basgylanmagy diýmekdir” diýdi.

Russiýa bilen Wenesuelanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýdan Putin “Başdan geçirilýän kynçylyklar kanunlara laýyklykda parahatçylykly ýagdaýda çözülmeli” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar