Eýran Pars aýlagynda nebit ätiýajyny tapdy

Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene Pars aýlagyndaky Minu adasynda geçirilen burawlaýyş işlerinde ilkinji gezek ýokary hili nebitiň tapylandygyny habar berdi

1131568
Eýran Pars aýlagynda nebit ätiýajyny tapdy

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä paýtagt Tähranda metbugata beýannama beren Zengene Pars aýlagyndaky Huzistan welaýatynyň Minu adasyndaky guýulardan birinde düýn geçirilen burawlaýyş işlerinde nebit tapylandygyny aýtdy.

Abadan zolagynda ilkinji gezek nebit tapylandygyny beýan eden Zengene; “Düýn geçirilen barlaglaryň dowamynda 3770 metr çuňlukda nebit tapyldy. Diýseň ýeňil we ýokary hili nebitinin dykyzlygy 40 göterime barabar” diýdi.

Ministr Zengene tapylan nebitiň mukdarynyň anyklanmagy üçin guýudaky burawlaýyş işleriniň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Eýranyň Milli nebit firmasynyň çaklamalaryna görä ýurduň 155 milliard barrel çig nebit ätiýajy bar.

Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy OPEK-e agza döwletleriň hatarynda Wenesuelladan we Saud Arabystanyndan soň üçünji orny eýeleýän Eýran dünýäde Kanadadan soň 4-nji orny eýeleýär.

Resmi Tähran baý nebit känlerine eýe bolandygyna garamazdan ABŞ-nyň bir taraply sanksiýalary sebäpli nebit eksport etmekde kynçylyk çekýär.



Degişli Habarlar